Biz Barada

«Ak Hümmet» kompaniýasy 2014-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde döredilip, hususy kärhanasy hökmünde hasaba alyndy. Kompaniýanyň esasy iş ugurlary barlaghana ölçeýji gurallary we lukmançylyk enjamlary, derman we lukmançylyk sarp ediş serişdeleri hem-de bir gezeklik ulanylýan materiallary, himiki önümleri, şol sanda sowadyjylary, şeýle hem gözellik we kosmetika önümleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Biziň kompaniýamyz Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde howpsuz we netijeli harytlary hem-de hyzmatlary hödürleýär.

Lukmançylyk enjamlaryň we gurallaryň söwdasy

Tehnologiki tilsimatlaryň we lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ýokary hilli we netijeli lukmançylyk hyzmatlaryna bolan islegleriň yzygiderli artmagy bilen baglanyşykly bolup, bu ugurda döwrebap enjamlara we gurallara bolag talaplary ýokarlandyrýar. «Ak Hümmet» kompaniýasy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň, şeýle hem hassalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin iň ýokary hilli we netijeli önümleri hem-de hyzmatlary hödürleýär.

Himiki reagentleriň we derman serişdeleriniň söwdasy

Himiki önümleriň we derman serişdeleriň täze görnüşleriniň gözlegleri elmydama lukmançylyk ylmy barlaglaryň geçirilmeginde aýratyn orun eýeleýär. Bu işleriň netijesinde oýlanyp tapylan önümleriň söwdasy bolsa, olaryň üpjünçiliginiň we elýeterliliginiň aýrylmaz bölegidir. Biz ýerli bazaryň talaplaryna laýyklykda durnukly ösüşi saklamak maksady bilen innowasion harytlary we çözgütleri hödürleýäris hem-de önümlerimiziň hili we howpsuzlygy bilen bagly ülňileri we düzgünleri berk berjaý edýäris.

Gözellik we özüňe seretmek

Häzirkizaman dünýäde adamlar özi barada gowy täsirleri galdyrmaga hem-de gündelik durmuşynda özüne gowy seretmäne uly üns berýärler. Biziň hödürleýän gözellik we özüňe seretmek bilen bagly kosmetiki önümlerimiz, diňe bir arassaçylyk serişde hökmünde däl-de, eýsem olary dünýäniň gözellik sungaty bilen deňäp, bu önümleri ulanýan adama özüne çekijiligini we özüne bolan ynamyny artyrmaga ýardam berýär.

SURATLAR

HABARLAŞMAK ÜÇIN

SALGYSY TELEFON POÇTA
744005, Türkmenistan, Aşgabat şäheri,
Türkmenistanyň Gyhrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 190
+993 12 413909info@akhummet com

2024 AK HÜMMET - Rightshli hukuklar goralandyr